Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlary 95% ýerine ýetirildi

11:4508.05.2023
0
24318

Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi geçirildi.

Hepdelik BSGG-niň, ÝUNISEF-iň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Hepdeligiň «Hemmeler üçin saglyk» şygary astynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 75 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Hepdelige bagyşlanyp geçirilen dabarada BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew çykyş edip, ýurtda saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler dogrusynda belledi:

— Türkmenistan öňüni alyş sanjymlaryny ýerine ýetirmekde örän uly ösüş gazandy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, bu görkeziji 95 göterimden gowrakdyr. Munuň özi immunizasiýa derejesini ýokarlandyrmakda wajyp ädimdir. Ýurtda 2016-njy ýylda adamyň papilloma wirusyna (APW), 2019-njy ýylda pnewmokokk we rotawirus ýokanjyna garşy sanjymlaryň sanjym meýilnamasyna girizilendigini hem bellemelidiris.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Zaýsew Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, BMG-niň düzümleýin edaralary we ÝB bilen bilelikde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde sanjymlar arkaly jemgyýetiň saglygyny has-da gowulandyrmak we goramak ugrunda uly ösüş gazanylandygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň