Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Nebitçi» utulyşsyz tapgyryny dört duşuşyga çykardy

23:5905.05.2023
0
28300

Ýokary liganyň şu möwsüminde «Nebitçiniň» üstünlikli oýnuna hem berekella diýmek gerek.

Hojaahmet Arazowyň şägirtleri Ýokary ligada bassyr dört duşuşykdan bäri hiç bir garşydaşyndan ýeňilmän gelýär. Topar soňky üç duşuşykda bolsa ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, ol ututlyşsyz duşuşyklarynyň sany boýunça ýaryşyň lideri «Arkadag» futbol topary bilen deň netije görkezýär. Has takygy, «Nebitçi» şu möwsümde utulmadyk üç toparyň biridir.

5-nji tapgyrda öz meýdanynda «Energetigiň» derwezesinden 3 pökgi geçiren «Nebitçi» utugyny 10-a, özüni bolsa ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykardy. «Nebitçi» 8 gol bilen möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň sanawynda hem ikinji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň