Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Aşgabady» ýeňen «Arkadag» topary ýene-de birinji orna göterildi

23:5605.05.2023
0
11862

«Arkadag» futbol topary şu gün geçirilen duşuşykda «Aşgabady» ýeňip, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeke-täk lideri boldy.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk «Arkadag» futbol toparynyň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Myhmançylykda çykyş eden ýeňiji toparyň gollaryny Resul Hojaýew (10-njy minut), Didar Durdyýew (45+2), Arslanmyrat Amanow (53, 11 m.j.u.) we Begmyrat Baýow (57) geçirdi. Ýer eýelerinden bolsa 35-nji minutda Röwşen Baýlyýew, 69-njy minutda Agajan Altyýew tapawutlandy.

Bu ýeňişden soňra «Arkadag» futbol topary utugyny 12-ä çykaryp, ýene-de ýaryş tertibinde birinji orna göterildi. 6 utukly «Aşgabat» bolsa altynjy orunda.

6-njy tapgyrda «Aşgabat» 12-nji maý güni myhmançylykda «Ahal» bilen duşuşar. «Arkadag» futbol topary bolsa 13-nji maýda «Nebitçi» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň