Türkmenistan 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Özbegistandan iň köp şampun import eden döwletleriň hataryndan orun aldy. Has takygy, Türkmenistan degişli döwürde goňşy döwletden 61 tonna şampun satyn alyp, bu ugurda ilkinji bäşlige girdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.
Özbegistandan iň köp şampun satyn alan döwletleriň ilkinji bäşliginde Türkmenistandan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň (381 tonna), Gazagystanyň (347 tonna), Gyrgyzystanyň (173 tonna) we Täjigistanyň (131 tonna) ady getirilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan umumy bahasy 2 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 835 tonna şampun eksport etdi. Şonuň 7,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.