Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň we Katar Döwletiniň daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşyklarda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag we syýahatçylyk pudaklarynda, kiber howpsuzlyk we sanlylaşdyrma ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklik ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda nygtaldy.
Taraplar şeýle hem Katarda guraljak EXPO-2023 ýaly halkara derejesindäki sergilere we maslahatlara Türkmenistanyň gatnaşmak meselesi barada pikir alyşdylar.
Şu ýylyň 1-2-nji maýynda Katarda geçirilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşan Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygynyň ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Owganystan meselesini parahatçylykly ýol bilen çözmek baradaky başlangyçlary barada bellendi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmek barada ylalaşdylar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda taraplar ylym-bilim, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, taraplar sport pudagynda, şol sanda bedenterbiýe we atçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.