Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Köpetdag» bilen «Altyn asyr» deňme-deň oýnady

08:5305.05.2023
0
28210

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň çäginde «Köpetdag» «Aşgabat» stadionynda «Altyn asyry» kabul etdi. Aşgabat derbisi 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«Köpetdag» birinji ýarymyň goşmaça wagtynda Ýazgylyç Gurbanowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. «Altyn asyra» utulyşdan diňe 75-nji minutda Myrat Annaýewiň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen halas boldy.

Bu deňlikden soň «Köpetdag» Ýokary liganyň şu möwsüminde 10 utuk gazanan ilkinji topar boldy. 10-njy utuk «Köpetdagy» birinji basgançaga geçirdi. Toparyň bu basgançakda galyp-galmajakdygy «Arkadag» toparynyň şu gün geçirjek duşuşygyna bagly bolar.

Utugyny 8-e çykaran «Altyn asyr» bolsa üçünji basgançakda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň