Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň wekilleri Aşgabatdaky «Olimpiýa» stadionyna ýokary baha berdiler

22:2704.05.2023
0
33184

Habar berşimiz ýaly, Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino we beýleki wekiliýet agzalary Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän «Olimpiýa» stadionynda FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soňra myhmanlar, döwlet Baştutany bilen bilelikde, Olimpiýa şäherçesindäki köpugurly «Olimpiýa» stadionyny synladylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, stadionyň gurluş aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän futbol meýdançasy wekiliýetiň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Bu ýerde türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleriň dynç almaklary we lukmançylyk gözegçiligi üçin döredilen şertlere myhmanlar ýokary baha berdiler.

Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän hem-de Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly ahalteke bedewiniň uly göwrümli çeper keşbi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy, ýurduň ähli ugurlarda depginli ösüşiniň nyşanydygyny aýratyn nygtady.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda gurlan dünýä derejesindäki stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny belledi we şeýle gyzykly, netijeli gezelenjiň guralandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

— Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan sport desgalarynyň ähli ölçegler boýunça ýokary halkara standartlara laýyk gelmegi ýurduňyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär — diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň