Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezi gurlar

22:1904.05.2023
0
32542

Ozal habar berşimiz ýaly, Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino we beýleki wekiliýet agzalary şu gün Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlary we wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de myhmanlar ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler.

Saparyň çäklerinde myhmanlar ady rowaýata öwrülen Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan seleňläp görünýän, «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherini synladylar.

Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde bu merkezi gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanda futboly wagyz etmäge, FIFA hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň