FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ýadygärlik sowgatlary gowşurdy

22:1204.05.2023
0
32853

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Olimpiýa» stadionynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana gelen Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow:

— Biz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we tekliplerini goldamaga taýýardyrys. Öz tarapymyzdan halkara futbol ýaryşlaryny, türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak üçin, Türkmenistanyň sport düzümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris — diýip belledi.

Janni Infantino duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedowa FIFA-nyň ýörite nyşanyny, şeýle hem futbol lybasyny we futbol topuny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.

Soňra Janni Infantino Prezident Serdar Berdimuhamedowy özi bilen gelen wekilçilikli toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hem myhmanlary duşuşyga gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino soňra 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bilen gyzyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň