Turkmenportal logo
04.05.23
4619946199
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň we Türkmenistanyň ýük dolanyşygy ýylyň birinji çärýeginde 73 göterim artdy
Russiýanyň we Türkmenistanyň ýük dolanyşygy ýylyň birinji çärýeginde 73 göterim artdy

2023-nji ýylyň birinji çärýeginde «Российские железные дороги» Türkmenistana daşaýan ýükleriniň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim köpeltdi. Bu barada RŽD paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlow Aşgabatda geçirilýän halkara ulag maslahatynda aýtdy.


― Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklarymyz barada söz açylanda, şu ýyl iňňän ýokary ösüş depginini gazanandygymyzy nygtamak isleýärin. Bu ösüş 73 göterime deň boldy. Türkmenistandan üstaşyr geçirile ýükler bolsa 3,5 esse artdy ― diýip, ol maslahatda eden çykyşynda aýtdy.


Şeýle hem Pawlow rus tarapynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny nygtady.