Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Senagat» kärhanasy plastik turba önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär

13:0904.05.2023
0
36529

Plastik turbalar polatdan we beýleki metal erginlerinden ýasalan turbalar bilen ynamly bäsleşmäge ukyplydyrlar. Olar poslama sezewar bolmaýarlar, gurnamak has aňsat, agramy has ýeňildir. Şeýle hem Türkmenistan polimer materiallardan taýýarlanan turbalaryň artykmaçlygyna ýokary baha berilýär, şonuň esasynda hem ýurtda olaryň önümçiligi boýunça senagat kärhanalary peýda boldy.

Türkmenistanda polimer basyşly we basyşsyz turbalary öndürijileriň iň irileriniň biri bolan «Türkmen Senagat» kärhanasy dürli diametrli we maksatly polietilenden hem-de polipropilenden taýýarlanan turbalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. «Türkmen Senagadyň» turbalary suw, gaz, lagym ulgamlary, şeýle hem damjalaýyn suwaryş ulgamlary we elektrik torlaryny gurnamak üçin kabel geçirijileri hökmünde ulanylyp bilner. Kärhana tekiz we gasynlanan turbalary, göni we rulon şekilli turbalary, şeýle hem damjalaýyn suwaryş üçin şlanglary öndürýär.

Kärhanada öňdebaryjy daşary ýurt öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylandyr, şonuň esasynda hem «Türkmen Senagat» Türkmenistanda turba önümçiligi boýunça ykrar edilen öňdebaryjy kärhanadyr we öz önümlerini beýleki ýurtlara işjeň ýerleýär.

«Türkmen Senagadyň» önümleri hilini tassyklaýan halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Kärhanada bu ugurda uly tejribesi bolan ýokary hünär derejeli hünärmenler zähmet çekýärler.

«Türkmen Senagat» kärhanada işleýän işgärleriň iş şertleri barada hem alada edýär. Senagat kärhanasynda amatly iş şertleriniň biri hem «Türkmen Senagadyň» «Sarayan» kärhanasyndan sargyt eden amatly we ýokary hilli iş lybaslarydyr.

Polipropilenden we polietilenden taýýarlanan turba önümleriniň görnüşleri barada has giňişleýin maglumatlar bilen «Türkmen Senagat» kärhanasynyň saýtynda, şeýle hem gönüden-göni senagat zolagynyň çäginde ýerleşýän kärhanada tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, 172-nji zolak.

Kompaniýanyň ofisi: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 174.

Telefon: (+993 61) 03 14 50.

Elektron poçta salgysy: info@turkmensenagat.com.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň