Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar, Russiýanyň demir ýollary Türkmenistana sebit ýolagçy demir ýol gatnawynyň taslamasyny teklip etdi, we beýleki habarlar

11:3204.05.2023
0
48935

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna 200 manat möçberde pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. 3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri Türkmenistanyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

2. «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» AGPJ Türkmenistana sagatda 140 km çenli tizlik bilen Arkadag – Aşgabat ugry boýunça sebit ýolagçy demir ýol gatnawynyň taslamasyny teklip etdi. Bu barada halkara ulag-üstaşyr maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen «RŽD» AGPJ baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow habar berdi. Pawlowyň bellemegine görä, häzirki wagtda «RŽD» bilen türkmen kärdeşleriniň arasynda synag taslamasy hökmünde Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodyny bilelikde döwrebaplaşdyrmak işi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Russiýa Türkmenistana birnäçe elektrikleşdirmek hem-de sebit ýolagçy demir ýol gatnawyny ösdürme boýunça taslamalary teklip edýär.

3. «Türkmenpoçtanyň» ähli bölümlerinde «Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine 2023-nji ýylyň ikinji ýarymyna abuna ýazylmak mümkinçiligi açyldy. Gazetiň çap edilen neşirine 6 aýlyk ýazylmagyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Gazetiň elektron görnüşine turkmenmetbugat.gov.tm saýtynyň «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bölüminde ýazylyp bilersiňiz.

4. 25-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky suwa düşmek möwsümi başlanýar, häzirki wagtda bu ýerde deňizde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Taýýarlyk işleri Awaza etrap häkimliginiň jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan meýilleşdirilen tertipde amala aşyrylýar. Häzirki wagta çenli deňiz kenaryndaky dynç alyş desgalarynyň hemmesi diýen ýaly myhmanlary kabul etmäge doly taýýardyr.

5. 15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň final oýny geçiriler. Finalyň mowzugy «Parahatçylyk agajy – nesilleriň dowamlylygy». Finala Aşgabat, Daşoguz we Mary şäherlerinden iň güýçli mekdep okuwçylary gatnaşarlar.

Dünýäde

6. Miçigan uniwersitetiniň alymlary ses tolkunlary arkaly islendik ýüzi sensorly ekrana öwürmäge mümkinçilik berýän täze ulgam döretdiler. Tehnologiýa «Voice Pickup Units» mikrofonlar toplumy arkaly mümkin boldy. Ýerleşen obýektiniň ýüzüne degilende, olar döredilen ses tolkunlaryny hasaba alýarlar. Şeýle ulgam ýokary ses hapalanmasy bolan gurşawda we ähli obýektleriň ýüzünde diýen ýaly, şol sanda oýunjaklarda, mebellerde, adamyň beden agzalarynda işläp biler.

7. Belarus inženerleri braziliýaly kärdeşlerine öz halk traktoryny döretmäge kömek ederler. Belarusyň Braziliýadaky ilçisi Sergeý Lukaşewiçiň bellemegine görä, Braziliýada eýýäm «MTZ» belarus traktorlaryny öndürmek boýunça gurnama sehlerini gurmak işleri alnyp barylýar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistan çempionaty 2023-iň Ýokary ligasynyň bäşinji tapgyrynyň maksatnamasy 4-nji we 5-nji maýda iki duşuşykdan ybarat bolar. Penşenbe güni, 4-nji maýda «Köpetdag» «Altyn asyra» garşy oýnar, «Şagadam» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. Anna güni, 5-nji maýda Aşgabat Arkadag bilen, Nebitçi bolsa Energetik bilen duşuşyk geçirer.

9. Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA-nyň 8-nji Kongresinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýa Kubogynyň final tapgyryny geçirmek üçin bilelikde arza berjekdigini aýtdy.

10. Türkmen boksçysy Şükür Öwezow dünýä çempionatynyň ýeňil agram derejesi boýunça 1/16 final tutluşygynda HHR-niň wekili Çžao Ikunýany wagtyndan ir ýeňmegi başardy. Öwezowyň apperkot urgusy garşydaşyny nokauta iberdi. Indiki tutluşykda Öwezow Ispaniýanyň wekili Hose Kiles bilen duşuşar. Hose Kiles 2017-nji ýylda boks boýunça Ýewropanyň çempionatynda bürünç medal gazandy, 2022-nji ýyldaky Ýewropanyň çempionatynda bolsa kümüş medala mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň