Turkmenportal logo
04.05.23
2231522315
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ajaý Banga Bütindünýä Bankynyň täze prezidentligine saýlandy
Ajaý Banga Bütindünýä Bankynyň täze prezidentligine saýlandySurat: kazpravda.kz/espreso.tv

Bütindünýä Bankynyň täze Prezidenti wezipesine öň «Mastercard Inc.» kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Ajaý Banga saýlandy, ol täze wezipede bäşýyllyk möhlet bilen 2023-nji ýylyň 2-nji iýunyndan işläp başlar diýip, bankyň habaryna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär.


63 ýaşly Banganyň kandidaturasyny ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hödürledi.


Ajaý Banga indi bu wezipede möhletinden tas bir ýyl öň iş başyndan gidýän Dewid Malpassy çalşar.


«BB-yň direktorlar geňeşi Ajaý Banga bilen bilelikde, ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan çylşyrymly meselelerini çözmäge gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin tagallalary etjekdigine umyt baglaýar» diýlip, BB-yň habarnamasynda nygtalýar.


Bütindünýä Bankynyň Prezidenti şol bir wagtda Halkara rekonstruksiýa we ösüş bankynyň hem-de birgiden maliýe guramalarynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bolup durýar.