Bütindünýä Bankynyň täze Prezidenti wezipesine öň «Mastercard Inc.» kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Ajaý Banga saýlandy, ol täze wezipede bäşýyllyk möhlet bilen 2023-nji ýylyň 2-nji iýunyndan işläp başlar diýip, bankyň habaryna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär.
63 ýaşly Banganyň kandidaturasyny ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hödürledi.
Ajaý Banga indi bu wezipede möhletinden tas bir ýyl öň iş başyndan gidýän Dewid Malpassy çalşar.
«BB-yň direktorlar geňeşi Ajaý Banga bilen bilelikde, ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan çylşyrymly meselelerini çözmäge gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin tagallalary etjekdigine umyt baglaýar» diýlip, BB-yň habarnamasynda nygtalýar.
Bütindünýä Bankynyň Prezidenti şol bir wagtda Halkara rekonstruksiýa we ösüş bankynyň hem-de birgiden maliýe guramalarynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bolup durýar.

