Turkmenportal logo
04.05.23
2288822888
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygynda daş owradyjy we asfalt zawodlarynyň 22-si işleýär

Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky känlerde 12 sany daş owradyjy zawod işleýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.


Olarda 4 sany täze rotor enjamynyň oturdylmagy önümçiligi has artdyrdy. Anyk aýdylanda, bir gije-gündizde 30 müň tonna çemesi önüm alynýar.


Awtobanyň Tejen — Mary hem-de Mary — Türkmenabat tapgyrlaryndaky gurluşykda jemi 10 sany asfalt zawody işledilýär. Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň zawodlarynyň hersi bir gije-gündizde 3,5 müň tonna asfalt çykarýar.


Awtobanyň gurluşygynda 10 müňe golaý dürli hünärdäki adamlar zähmet çekýärler.


Hanhowuzdaky Jojuklydan tä Türkmenabadyň etegindäki Zerger şäherçesi aralykda 1 müň çemesi ýörite tehnikalaryň hereketi gije-gündiz togtanok. Gurluşygyň gidýän giňişliginde 3 müň çemesi ulag ýük çekýär.