Arhiw

Türkmenistanly karateçiler «Ararat kubogynda» 22 medal gazandylar

09:1604.05.2023
0
29463

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy ýakynda Ermenistanda geçirilen «Ararat kubogy ― 2023» atly halkara ýaryşa gatnaşyp, diýseň üstünlikli çykyş etdi. Halkara ýaryşda türkmenistanly türgenler medallaryň 22-sine mynasyp boldular. Şolaryň 10-sy altyn, 4-si kümüş, 8-si bolsa bürünç medallardyr.

Ýaryşa gatnaşan türkmenistanly karateçileriň hatarynda mekdep okuwçylaryndan başlap, ýyllaryň dowamynda tejribesi toplan türgenlere çenli bar. Şunda heniz ýaşdygyna garamazdan, mekdep okuwçylarynyň hem käbiriniň medallara mynasyp bolandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Gazanylan üstünlige käbir türgenleriň iki, üç medal bilen goşant goşandygyny turuwbaşdan bellemek gerek. Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Yhlas Annagurbanow 12 ― 13 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda şahsy tutluşyk we şahsy kata boýunça iki sany altyn medal gazanan bolsa, şahsy katada bir kümüş medaly hem boýnundan asmagy başardy. Paýtagtdaky ýöriteleşdirilen 132-nji mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Meýlis Çaryýew hem şol ýaş derejesinde iki altyn (şahsy tutluşyk we şahsy kata), bir bürünç (şahsy kata) medal eýeledi. Geljegine uly ynam bildirilýän bu iki karateçi en-bu görnüşi boýunça geçirilen toparlaýyn ýaryşda bolsa bäsdeşleriniň ählisinden rüstem gelip, altyn medala mynasyp boldular.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Artýom Žulýow (şahsy tutluşyk ― bürünç, şahsy kata ― kümüş), Aşgabat şäheriniň halkara mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Adylşa Ataýew (şahsy tutluşyk ― kümüş, şahsy kata― bürünç), paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdbeiň 5-nji synp okuwçysy Çerkez Myratdurdyýew (şahsy tutluşyk ― bürünç, şahsy kata ― bürünç), şeýle-de paýtagtymyzyň 45-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurgeldi Annagurbanow (şahsy tutluşyk ― altyn, fukugo ― altyn) dagylar halkara ýaryşdan goşa medal bilen dolanan türgenler bolmagy başardylar.

Şahsy tutluşyk boýunça altyn medal gazanan Aşgabat şäheriniň 42-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýagmyrmyrat Sähetmyradow, ýene şu görnüşden hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Selim Myratdurdyýew dagylar şahsy ýaryşlarda medal gaznamyza bir medaldan goşant goşdular.

Ýokarda adaty karateniň «En-bu» diýlip atlandyrylýan toparlaýyn görnüşinde Yhlas Annagurbanow bilen Meýlis Çaryýewiň bilelikde altyn medal gazanandygyny ýazypdyk. Bu görnüş boýunça gazanylan üstünliklere Nurgeldi Annagurbanow ― Selim Myratdurdyýew jübütleri kümüş, Artýom Žulýow ― Çerkez Myratdurdyýew we Ýagmyrmyrat Sähetmyradow ― Maksatgeldi Geldiýew jübütleri bürünç medallar bilen goşant goşdular.

Toparlaýyn kata boýunça geçirilen ýaryşlarda Nurgeldi Annagurbanowdan, Ýagmyrmyrat Sähetmyradowdan we Maksatgeldi Geldiýewden ybarat toparymyz altyn medalyň eýesi bolan bolsa, Yhlas Annagurbanow, Meýlis Çaryýew we Çerkez Myratdurdyýew dagylar bilelikde bürünç medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň