Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün ýeňil agramda çykyş edýän türkmenistanly boksçy Şükür Öwezow Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynda ýaryşa girişdi. Özüniň ilkinji tutluşygyny hytaýly Žao Ýikuna garşy geçiren Şükür Öwezow tutluşygyň eýýäm birinji raundynda garşydaşyny nokaut etmek arkaly wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Öz gezeginde, bu nokautyň şu gezekki dünýä çempionatynda türkmen boksçylary üçin ilkinjisi bolandygyny bellemek gerek.
Biraz ozal, birinji orta agramda Türkmenistana wekilçilik edýän Baýramdurdy Nurmuhammedowyň şu gün ýaryşdaky ilkinji tutluşygynda kongoly Stewe Mbiýa Kulengulukany eminleriň çözgüdi esasynda (4:1) ýeňlişe sezewar edendigini habar beripdik.
1-nji maýda badalga alan boks boýunça dünýä çempionaty 14-nji maýa çenli dowam eder. Turnirde 13 agram derejede tutluşyklar geçiriler. Ýaryşa 104 ýurtda 640 türgen gatnaşýar. Şolaryň ýedisi häzirki dünýä çempionlarydyr.
Turniriň baýrak gaznasy 5,2 million amerikan dollaryna barabardyr. Ýaryşyň ýeňijileri 200 müň amerikan dollary, kümüş medalyň eýeleri 100 müň amerikan dollary, üçünji orny eýelänler bolsa 50 müň amerikan dollary bilen sylaglanylar.