Turkmenportal logo
03.05.23
2429224292
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikanyň üçünji iri banky batdy
Amerikanyň üçünji iri banky batdy
Surat: newtimes.kz

Amerikanyň «JPMorgan» transmilli maliýe konglomeraty golaýda batan «First Republic Bank» maliýe edarasyny satyn aldy diýip, «Bloomberg» neşirine saglylanýan «Habar 24» ýazýar.


«First Republic Bank» batandygyny resmi yglan etdi, onuň paýnamalary 50 göterim pese gaçdy, sazlaýjylar bolsa bank üçin täze eýeleri gözlemäge gyssagly girişdi.


Bankyň täze eýesi «JPMorgan» konglomeraty batan maliýe edarasynyň ähli aktiwlerini öz üstüne alar, olar 170 milliardlyk karz serişdeler, 30 milliardlyk gymmatbaha kagyzlar hem-de 92 milliard dollarlyk depozitlerdir.