Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda türkmen kompozitorlarynyň sazlarynyň festiwaly açyldy. Onuň açylyş dabarasynda konserwatoriýanyň rektory Resul Amangeldiýew ýygnananlary döredijilik çäresi bilen gutlady we festiwala işjeň gatnaşandyklary üçin tapawutlanan kompozitorlara Hormat hatlaryny gowşurdy ― diýip, «Türkmenistan: «Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Festiwalyň aýratynlyklarynyň biri hem – onuň demokratik häsiýetidir. Nusgawy türkmen sazlarynyň akademiki owazlary häzirki zaman saz ugurlary bilen utgaşyp gitdi. Festiwal ýaş kompozitor Ogulgerek Grigoryansyň eseri bilen açyldy. Awtoryň ýerine ýetirmeginde Fortepiano üçin pýesasy – haýsydyr bir çynlakaý zat hakda pikirlendirýän eseri ýaňlandy.
Aýna Şirowanyň eseri «Bir gezek» diýlip atlandyrylýar. Ertekiler ýa-da käbir gyzykly wakalar hakda hekaýat köplenç şu söz bilen başlanýar. Aýna Şirowanyň saz jümleleri bu sazyň başga bir esere uwertýurasyna meňzeýär. Bu eseri Oktaý Najafow (bas klarnet), Ahmet Abaýew (goboý), Ilhan Ataew (klarnet), Söhbet Ergesow (fleýta), Rakhat Çaryýew (fagot) ýerine ýetridiler.
1-nji ýyldan 5-nji ýyl talyplary hem-de konserwatoriýanyň, şeýle hem Maý Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary Nury Halmämmedowyň, Weli Muhadowyň, Daňatar Öwezowyň, Rejep Allaýarowyň, Rejep Rejebowyň hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Ol türkmen kompozitorlarynyň eserlerini çalmak jogapkärçiligi ynanylan talyplar üçin gowy mekdep boldy. Olar ynamy ödemegi başardylar.
Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew we Atageldi Garyagdyýew Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan iki ariýany ussatlarça ýerine ýetirdiler. Olaryň aýdymynda we çeper keşbi döredişinde bu operanyň döredilen döwrüniň ruhy duýulýardy.
Festiwala «Kamerata Aşgabat» toparynyň sazandalary, konserwatoriýanyň hory we kamera orkestri gatnaşdy. Konsert festiwalyň ertesi hem dowam eder.