FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geler

19:5102.05.2023
0
44464

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bu sapar Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysynyň Aşgabada ilkinji sapary bolar.

FIFA-nyň Prezidentiniň bir günlük saparynyň dowamynda ýurduň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmek we hyzmatdaşlygyň geljekdäki ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Sporty, hususan-da, futboly ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda we ýurduň ähli sebitlerinde döwrebap sport mekdepleri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, sport toplumlary we futbol bilen meşgullanmak üçin meýdançalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Janni Infantinonyň saparynyň FIFA bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýurtda futbolyň ösüş depginini ýokarlandyrmaga itergi bermegine garaşylýar.

Janni Infantino Merkezi Aziýa ýurtlaryna bir hepdelik iş saparynyň dowamynda Gazagystanda (3-nji maý), Gyrgyzystanda (4-5-nji maý) we Özbegistanda (5-6-njy maý) bolar. Ol şu gün Täjigistana geldi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň dekabrynda Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Futbol boýunça dünýä çempionatyny 1/8 final tapgyryndan orun alan Niderlandlar — ABŞ duşuşygyny tomaşa etmäge barypdy hem-de ol ýerde FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino bilen duşuşypdy. Şol ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutany hem-de FIFA-nyň ýolbaşçysy ýadygärlik üçin surata düşüpdiler.

Janni Infantino 2016-njy ýyldan bäri FIFA-nň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň