Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Pakistanyň uniwersitetiniň rektory tarapyndan kabul edildi

10:0302.05.2023
0
32983
Türkmen diplomaty Pakistanyň uniwersitetiniň rektory tarapyndan kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Duşuşykda ylym, bilim we ylmy gözlegler ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda türkmen tarapy rektora Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Arkadag şäheri barada aýratyn bellemek bilen, bu şäheriň «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýandygy hakynda maglumat berildi.

Ylym-bilim pudagynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we NUST uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň