Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidentini gutlady

22:1001.05.2023
0
29236

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, gutlagda ählihalk sala salşygynyň ýurduň durmuşynda örän möhüm syýasy waka öwrülip, Özbegistanyň halkynyň agzybirligini we jebisligini, häzirki zaman özbek jemgyýetinde özgertmeleri geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny, Özbegistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny aýdyň görkezendigi nygtalýar.

— Ählihalk ses bermesiniň netijeleri Siziň kabul edýän, Özbegistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, syýasy ulgamyny hem-de döwlet gurluşynyň öz nusgasyny ösdürmäge, giň möçberli we uzak möhletli ykdysady strategiýalary hem-de maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek üçin pugta esaslary döretmäge, derwaýys ynsanperwer we durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen çözgütleriňiziň pähim-paýhasa we öňdengörüjilige esaslanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Siziň amala aşyrýan hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmeleriňiz özbek halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlaryň dowamynda toplan ägirt uly, baý tejribesine, milli demokratik institutlary döretmekde we olaryň işlerinde özboluşly däplere esaslanýar. Şol bir wagtda hem, Özbegistan Respublikasynyň täzelenen Konstitusiýasy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini öz içine alýar, oňa laýyklygy we iş ýüzünde ulanylmagy babatda iň gowy tejribeleri beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň işjeň halkara gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň syýasy giňişliginde öz işlerini täze gujur-gaýrata esaslanyp dowam etjekdigini, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze garaýyşlary öňe sürjekdigini berk ynam bilen aýdyp bilerin.

Öz nobatynda Türkmenistan hem iň ýakyn goňşy we doganlyk ýurt hökmünde Özbegistanyň içeri we daşary syýasatyny, Siziň iki döwletiň we halkyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge niýetlenen asylly başlangyçlaryňyzy hemişe goldar — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ählihalk sala salşygynyň ýokary syýasy we guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek doganlarça gutlady hem-de döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň