Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini gutlady

22:0301.05.2023
0
26268
Türkmenistanyň Prezidenti  özbek kärdeşini gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda Özbegistanyň raýatlarynyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen sala salşyga işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň we häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmelere giňden düşünmeginiň, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň ýurdy ýokary depginlerde ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynam bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň