Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysynyň Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy

14:0001.05.2023
0
22296

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysynyň Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy.

Ýaryşda Türkmenistana 10 sany erkek türgen wekilçilik eder. Bu barada IBA resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysynyň düzüminden: Daýanç Annasähedow (iň ýeňil agram), Yhlas Gylyçjanow (ýarymýeňil agram), Döwlet Muhanow (ýeňil agram), Şükür Öwezow (ýeňil agram), Hursant Imankulyýew (birinji ýarymorta agram), Saparmyrat Ödäýew (ýarymorta agram), Baýramdurdy Nurmuhammedow (birinji orta agram), Muhammet Babaýew (orta agram), Taganmyrat Gurbanow (birinji agyr agram) we Baky Toýçyýew (superagyr agram) orun aldylar.

Ýaryş şu gün badalga alyp, 14-nji maýa çenli dowam eder. Turnirde 13 agram derejede tutluşyklar geçiriler. Ýaryşa 104 ýurtda 640 türgen gatnaşar. Şolaryň ýedisi häzirki dünýä çempionlarydyr.

Turniriň baýrak gaznasy 5,2 million amerikan dollaryna barabardyr. Ýaryşyň ýeňijileri 200 müň amerikan dollary, kümüş medalyň eýeleri 100 müň amerikan dollary, üçünji orny eýelänler bolsa 50 müň amerikan dollary bilen sylaglanylar.

Daşkentde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna Türkmenistanyň çäginde «Матч Тwe «Матч! Боец» rus teleýaýlymlary arkaly tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň