Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly küştçüler Aziýanyň çempionatynda ikinji orny eýelediler

18:2601.05.2023
0
19751

Türkmenistanly küştçüler Amanmuhammet Hommadow bilen Lala Şöhradowa 18 ýaşdan kiçi küştçüleriň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Aziýanyň çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldular. Olar bu üstünligi 21 döwlete wekilçilik eden 42 türgeniň arasynda gazandylar.

Yklym ýaryşy toparlaýyn görnüşde geçirildi. Her ýygynda bir oglan we bir gyz wekilçilik etdi. Türkmen türgenleri yklymyň çempiony bolmaga hem juda ýakyn geldiler. Ýöne olar çempion topardan ― Indoneziýanyň ýygyndysyndan bary-ýogy 1 utuk yza galdylar. Indoneziýalylar mümkin bolan 18 utugyň 16-syny gazanan bolsalar, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 utuk toplap bildi. Ilkinji üçlügi Filippinleriň ýygyndysy jemledi.

Umumy netijä, türkmen küştçüleriniň ikisiniň hem gazanan netijesi täsir etdi. Amanmuhammet Hommadow beýleki bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, diňe filippinli Arka Kristian Jian Karlodan bir utuk yza galan bolsa, Lala Şöhradowa edil şeýle netije bilen indoneziýaly Laýse Latifeden soň ikinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň