Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de 1 hepdede 80 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy

14:1001.05.2023
0
43139

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplükdir mata ýerlenildi.

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 962 müň 500 manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň