Turkmenportal logo
30.04.23
2592025920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Arkadag» futbol topary ýaryş tertibiniň başyna geçdi
TÝL ― 2023: «Arkadag» futbol topary ýaryş tertibiniň başyna geçdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklaryndan soň Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna göterildi. Milli çempionatda üçünji duşuşygynda üçünji ýeňşini gazanan topar utugyny 9-a çykardy.


Edil «Arkadag» topary ýaly 9 utuk toplan «Köpetdag» ikinji orunda. 7 utukly toparlardan «Altyn asyr» üçünji, «Nebitçi» bolsa dördünji orny eýeleýär.


Paýtagtyň «Aşgabat» futbol topary 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda ýerleşýär.


Altynjy orundaky «Ahalda», ýedinjilikdäki «Energetikde» we sekizinji basgançakdaky «Merwde» 3 utukdan bar.


Möwsümdäki dördünji duşuşygynda hem asgyn gelen «Şagadam» ýaryş tertibiniň düýbüne çökdi.


Iki günläp dowam eden tapgyryň ilkinji gününde «Altyn asyryň» öz meýdanynda «Merwi» 4:1, «Köpetdagyň» bolsa myhmançylykda «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.


Tapgyryň ikinji gününde «Energetik» öz meýdanynda «Aşgabatdan» 0:1 hasabynda utuldy. «Arkadag» futbol topary Türkmenbaşyny şäheriniň «Şagadamyny» kabul edip, garşydaş toparyň derwezesine jogapsyz dört pökgi geçirdi.