Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistan bilen umumy döwlet serhediniň tertibi baradaky Kanuny tassyklady

14:5730.04.2023
0
53605

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen umumy döwlet serhediniň tertibi barada Ylalaşygy tassyklamak baradaky Kanuna gol çekdi diýip, «Akorda» habar berýär.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda baglaşyldy.

Türkmenistan ylalaşygy 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde tassyklady.

Ylalaşykda Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Kanunyň kadalary döwlet serhedini goramak, ondan geçmek, harytlary we beýleki emläkleri daşamak tertibini kesgitleýär. Şeýle hem resminama döwlet serhedinde, serhet zolaklarynda we suw meýdançalarynda söwda etmek, balyk tutmak ýa-da beýleki işler bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.

Bu resminama esasynda serhetde ýüze çykyp biljek wakalary kanuny nukdaýnazardan çözmegiň ýollary ýönekeýleşdirildi.

Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň umumy uzynlygy takmynan 458,3 km deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň