Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi doglan güni bilen gutlady

08:5630.04.2023
0
37172
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi doglan güni bilen gutlady
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti öz täzeliklerinde belleýär.

Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:

– Siziň soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary jogapkärçilikli wezipesini eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, täze ýüze çykýan wehimlere garşy durmaga goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan oňyn hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezident BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 1949-nji ýylyň 30-njy aprelinde Portugaliýanyň Lissabon şäherinde dünýä indi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň