Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi saýlandy

19:0629.04.2023
0
45369
2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi saýlandy
Surat: Turkmenportal

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaradan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada «Türkmenmetbugat» internet neşirinde habar berýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, jemleýji tapgyra gatnaşdyrylan 10 sany saýlama bedewler iki gezek — tebigy, asylky durkunda we eýer-esbapdyr şaý-sepler bilen bezelip-beslenen görnüşinde görkeziliş meýdançasyna çykaryldy. Şunda talapkär emin agzalary bedewleriň syn-sypatyna, özüni alyp barşyna, buýruklary erkin ýerine ýetirişine üns berdiler.

Netijede, emin agzalarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp bolan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Garaşsyz hem Sülgün diýen atlaryň nesli, 2015-nji ýylda doglan Goşasakar atly gyr bedew (Gyrsakaryň ugry) «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyna, onuň seýsi Atçapar Bajamow bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Şa serpaýyna — «Toyota Fortuner SR 5» kysymly ýeňil awtoulaga mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň