Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumy açyldy. Onuň açylşyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, täze toplumyň işe girizilmegine ak pata berdi
Atçylyk toplumynda ýörite atlar üçin athanalaryň bolmagy, ideg etmek, seýislemek, çapuwa taýýarlamak, yzygiderli sanly ulgam arkaly gözegçilikde saklamak, umuman, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de bu ýerde zähmet çekjek harby gullukçylar üçin durmuş maksatly binalaryň birnäçesi gurlupdyr.
Täze binanyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşik geçirildi diýip, «Türkmenmetbugatda» habar berildi.