Turkmenportal logo
28.04.23
3568935689
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezinde suw taýýarlaýyş ulgamyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezinde suw taýýarlaýyş ulgamyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezinde suw taýýarlaýyş ulgamyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.


Teklipler 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna, ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär.


  • bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Energetika ministrligine ýüz tutup bilersiňiz:
  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank hasaby boýunça maglumatlary görkezip, Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • tehniki talaplary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we gurluşyk bölüminden almaly;
  • 1500 ABŞ dollary möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini töläp tender resminamalaryň bukjasyny almaly.
  • bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Tender teklipleri Türkmenistanyň Energetika ministrliginde aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat, köç. 2022 (Alyşir Nowaýy), 55.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33.