Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023 halkara ýaryşyna gatnaşýandygy tassyklanyldy

11:3427.04.2023
0
39834

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023 halkara ýaryşyna gatnaşýandygyny tassyklady.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-20-nji iýun günleri Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionaty — CAFA NATIONS CUP 2023 ýaryşy geçiriler.

Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar. «A» toparçadaky oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. «B» toparçadan Eýranyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary orun aldylar. «B» toparçasynyň duşuşyklary Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde bolup geçer.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar. Final we üçünji orun üçin oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Nations Cup 2023-däki ilkinji oýnuny 11-nji iýunda Täjigistan bilen oýnar. 14-nji iýunda Türkmenistan Özbegistan bilen duşuşar. Toparçanyň jemleýji tapgyrynda bolsa Türkmenistan Oman bilen güýç synanyşar.

Gatnaşýan ýygyndylara ýaryşyň netijeleri boýunça FIFA-nyň reýting utuklary berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň