Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.