Türkmen diplomaty Hytaýyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

22:1626.04.2023
0
30717
Türkmen diplomaty Hytaýyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

26-njy aprelde bolan duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, taraplaryň nygtamagyna görä, bu gün hemmetaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Diplomatlar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriň üstünde durup geçdiler. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Hytaýyň iri halkara guramalarda hem özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bar bolan örän uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Hytaý toparynyň we onuň ýöriteleşdirilen kiçi toparçalarynyň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orna eýe bolup durýandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň