Top.Mail.Ru

Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi

17:2526.04.2023
0
36045

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Mejlisiň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlary üçin täze döreýän mümkinçiliklere üns çekmekden ybarat boldy.

Umumy mejlis «Türkmenistanyň global energetikanyň geljegindäki orny» atly mowzuga bagyşlanyldy. Onda Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew, BAE-niň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed ben Said Al Maktum, «CNPC Middle East» kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý, «ADNOC International» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Muhammet Saif Al Arýani, «Total Energies» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Loran Wiwýe, Bütindünýä gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda nebit we gaz pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri barada doly ylalaşygyň bolmagyna, şeýle hem energiýa çeşmeleriniň, hususan-da tebigy gazyň eksport ugurlaryny üýtgetmegiň artykmaçlyklaryna üns çekildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň diňe bir uglewodorod pudagynda däl, eýsem, tutuş senagat pudagynda ösüş taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşky gurşawyň bitewiligini üpjün etmek borjuna ygrarlydygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň