Uijeonbu festiwalyna üç sany türkmen filmi iberildi

19:5425.04.2023
0
23362

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen üç film Gyeonggi welaýatynyň Uijeongbu şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa film festiwalyna gatnaşdyrylmak üçin Koreýa Respublikasyna iberildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, bular Arslan Eberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmleridir.

Festiwal Koreýada Merkezi Aziýa ýurtlaryndan iň gowy filmleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat edýär.

28-nji aprelde festiwalyň açylyş dabarasy Şinhan uniwersitetinde geçiriler. 29-njy aprelde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan — Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda, şeýle hem ýörite çagyrylan üç ýurtdan — Azerbaýjanda, Mongoliýada we Indoneziýada düşürilen filmler görkeziler. Film görkezilişi Şinhan uniwersitetiniň gimnaziýasynda we ýerli kinoteatrlarda (CGV Uijeongbu, Megabox Millak) geçiriler.

Bu ýerde ýaňy-ýakynda Koreýada geçirilen Busan halkara film festiwalyna gatnaşan filmler hem görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň