Turkmenportal logo
25.04.23
5285052850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» bir milliardynjy ýolagçysyna 1 million millik mugt petek berdi
«Turkish Airlines» bir milliardynjy ýolagçysyna 1 million millik mugt petek berdi

Duşenbe güni Mustafa Balçi Stambul-Adiýaman ugry boýunça «Turkish Airlines»-iň milliardynjy ýolagçysy hökmünde ýola çykdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berdi.


Milli howa gatnawynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Bolatyň hut özi ýolagça 1 million millik mugt syýahat petegini gowşurdy.


Bolatyň aýtmagyna görä, 1933-nji ýylda döredilen awiakompaniýa indi 2 milliard ýolagçy gatnatmagy öz öňünde täze maksat edinip goýdy.


Ahmet Bolat: «90 ýylda bir milliard ýolagçy gatnatdyk. Bu görkezijini 8 ýylda, 2031-nji ýyla çenli iki esse artdyrmak isleýäris» diýdi.