Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy bilen gutlady

09:0225.04.2023
0
24249

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga we Ysraýyl Döwletiniň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuwa Ysraýyl Döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutan Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

— Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýäris we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly olaryň geljekde has-da ösdüriljekdigine berk ynanýarys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ishak Gersoga we Premýer-ministr Binýamin Netanýahuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Ysraýyl Döwletiniň ähli dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň