Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

22:4424.04.2023
0
25299

Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatynyň — CAFA Nations Cup 2023 turniriniň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Gatnaşyjylaryň sanawy CAFA-nyň metbugat gullugy tarapyndan mälim edildi.

CAFA şu gün milli assosiasiýalara erkekleriň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatyna ýedi toparyň: Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylarynyň gatnaşjakdygy barada habar berdi.

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşy 9-21-nji iýun aralygynda Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň howandarlygynda geçiriler. Ýaryşa bije çekmek dabarasy 26-njy aprelde, Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar.

Bijäniň netijelerine görä, gatnaşyjylar iki topara bölünerler. «A» toparçanyň (dört topardan ybarat) oýunlary Daşkent (Özbegistan) şäherinde, «B» toparçanyň (üç topardan ybarat) oýunlary bolsa Bişkek (Gyrgyzystan) şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin duşuşykda meýdança çykarlar.

«CAFA Nations Cup 2023» ýaryşynyň bije sebetçeleri:

  • 1-nji Sebetçe: Eýran, Özbegistan (toparçanyň ýer eýesi).
  • 2-nji Sebetçe: Gyrgyzystan (toparçanyň ýer eýesi), Täjigistan.
  • 3-nji Sebetçe: Türkmenistan, Owganystan.
  • 4-nji Sebetçe: Oman.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň