Turkmenportal logo
24.04.23
2497524975
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ştefan Tarkowiç Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenildi
Ştefan Tarkowiç Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenildi
Surat: Slowakiýanyň futbol birleşigi

Gyrgyzystanyň futbol Bileleşigi slowakiýaly hünärmen Ştefan Tarkowiçi ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine belledi. Bu barada bileleşigiň metbugat gullugy habar berdi.


50 ýaşly slowakiýaly tälimçi Ştefan Tarkowiç UEFA-nyň Pro tälimçilik ygtyýarnamasyna eýe bolup, ol 2022-nji ýyla çenli Slowakiýanyň milli ýygyndysyna tälim berdi. Slowakiýanyň milli ýygyndysy onuň golastynda Ýewro — 2020-niň saýlamasynda üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň final tapgyryna ýollanma alypdy.


Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi russiýaly Aleksandr Krestinin bolup, ol bu wezipede 2014-nji ýyldan bäri işläp gelýärdi.


Ýeri gelende bellesek, Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy şu ýylyň 9-21-nji iýuny aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň ilkinji çempionatyna gatnaşar. Ýaryşda jemi ýedi topar: Türkmenistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary çykyş eder.