Soňky habarlar

Arhiw

Ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana Türkmenistandan 4,8 müňden gowrak syýahatçy geldi

14:0724.04.2023
0
52116

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana 871 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçynyň gelendigi barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň statistika gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 544,4 müň adam ýa-da 2,7 esse köpdür.

Statistikalara görä, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistanyň 4,8 müňden gowrak raýaty syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana bardy.

Syýahatçylyk akymynyň esasy üçlügine Täjigistan (289,2 müň adam), Gazagystan (241,4 müň adam) we Gyrgyzystan (211,2 müň adam) girdi.

Özbegistan Hökümeti täze syýahatçylyk infrastrukturasyny gurmak we daşary ýurtly myhmanlar üçin wiza işini ýönekeýleşdirmek üçin köp maýa goýýar. Özbegistanda syýahatçylyk adatça ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Samarkand, Buhara we Hywa şäherleri bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň raýatlary Özbegistana diňe Aşgabatdaky Özbegistanyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminde öňünden taýýarlanan wiza bilen girip bilerler. Türkmenistanyň raýatlary Özbegistan Respublikasyndan wizasyz tranzit girişine, wagtlaýyn ýaşamaga we çykmaga haklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň