Turkmenportal logo
24.04.23
4256442564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda dört günlük iş hepdesi barada kanun kabul edildi
Gazagystanda dört günlük iş hepdesi barada kanun kabul edildi
Surat: ru.freepik.com

Gazagystanda dört günlük iş hepdesi barada kanun kabul edildi, ol iýul aýyndan güýje girer diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.


Bu ugurdaky düzedişler ýurduň Zähmet kodeksine girizildi, ony Prezident Kasym-Žomart Tokaýew tassyklady. Täze resminamada taraplaryň ylalaşygy esasynda dört günlük iş hepdesine ýol berler. Şunda iş berijiniň şeýle iş tertibini bäş we alty günlük iş hepdeleri bilen gezekleşdirmäge hukugy bardyr.


Zähmet düzgünleriniň ählisi üçin dynç alyş güni diýlip ýekşenbe kesgitlendi. Ikinji ýa-da üçünji dynç güni iş düzgüni boýunça we işgärler düzüminiň ylalaşygy esasynda kesgitlener.