Soňky habarlar

Arhiw

51 million 935 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

10:4824.04.2023
0
25942

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, etilirlenmedik awtoulag benzinini, agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 935 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bahasy 12 million 194 müň manatdan gowrak bolan ýüpekçilik pudagynyň önümlerini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň