Özbegistanyň Daşkent şäherinde Suw hojalygy meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilelikdäki Hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Mejlisiň dowamynda iki döwletiň serhetüsti suw gorlaryndan netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişine görä, mejlisde taraplar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Özbegistanyň suw hojalygy desgalaryna hyzmat etmek boýunça hem gepleşikleri geçirdiler. Şunuň bilen baglylykda, «Tallimarjon — Tallymerjen» hem-de «Družba — Gazojak» serhet postlarynyň işini täzeden ýola goýmak boýunça hem pikir alşyldy.
Mundan başga-da Amyderýanyň suwuny bilelikde dolandyrmak ulgamyny awtomatlaşdyrmak, derýanyň kenarlaryny berkitmek, onuň esasy hanalaryndan akmagyny gazanmak arkaly suwy tygşytlamak ýaly birnäçe meselelere seredildi.
Taraplar Suw hojalygy meseleleri boýunça Türkmen-özbek bilelikdäki Hökümetara toparynyň indiki mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenabat şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.