Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda stoluň üstünde oýnalýan tennisiň bütindünýä güni bellenildi

12:0023.04.2023
0
16664

Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasy tarapyndan guralan şowhunly çäre hem sportuň şu görnüşiniň Bütindünýä gününe bagyşlandy. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen stol tennisi zalynda geçirilen baýramçylyk çäresine 11 tälimçi, stol tennisi boýunça milli mekdebimiziňde tälim alýan ýetginjekleriň bolsa 43-si gatnaşdy.

Ýetginjekleriň ählisiniň milli mekdebimiziň 2012-nji ýylda doglan we şondan kiçi ýaşly uçgunjyklarydygyny aýratyn nygtamak gerek. Baýramçylyk çäresine gatnaşan ýetginjekleriň aglabasynyň Aşgabat şäherinde hem-de Mary welaýatynda kämilleşýändiklerine ünsi çekmek ýerlikli bolar...

Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň ýolbaşçysy Agamyrat Allanazarowyň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk çäresi Watanymyzda sportuň şu görnüşiniň sazlaşykly ösüşini gazanmakda, onuň ähmiýetini sport jemgyýetçiligine giňden ýetirmekde aýratyn ähmiýete eýe.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň