Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany neşir edildi

13:1122.04.2023
0
27580

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy fewralynda geçiren giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar.

«Saýlawlary geçirmegiň guramaçylyk-hukuk esaslary» atly makala Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bagyşlanypdyr.

«Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy we parlament diplomatiýasy» atly makalada bu ugruň köptaraply ylmy barlaglar esasynda ösdürilmegine aýratyn üns çekilýär. «Magtymguly Pyragynyň filosofik mirasy» atly makalada türkmen halkynyň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ahlak garaýyşlary barada gürrüň berilýär. Makalada täze taryhy eýýamda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň barha belende galýandygy, onuň öňdengörüjilikli pikirleriniň we pelsepewi garaýyşlarynyň häzirki döwürde wajypdygy, olaryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýady bolup durýandygy barada aýdylýar.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşda internetiň ulanylmagy, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, tehnologiýa howpsuzlygyny berkitmegiň kanunçylyk üpjünçiligini talap edýär. «Sanly ykdysadyýet we maglumatlaryň hukuk goragy» atly makalada bular barada gürrüň berilýär.

«Hukuk düşünjeliliginiň we hukuk medeniýetiniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny» atly makala häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň birine bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi kanunyň rüstemligini we jemgyýetde kanunçylygyň berkidilmegini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

«Jenaýat iş ýöredişinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary» atly makala okyjylaryň ünsüni özüne çekse gerek. Onda hukuk ýörediş, hukuk goraglylyk we kazyýet işinde täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň ähmiýetine garalýar.

«Ulag diplomatiýasy we ulag ulgamynyň hukuk düzgünleşdirilişi» atly makalada häzirki döwürde bu pudagyň ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigi bellenilýär. Şunda häzirki zaman ulag diplomatiýasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyçlary bilen kabul eden degişli Kararnamalarynyň ähmiýetine üns çekilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylara Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň duşuşyklarynadyr mejlislerine, şeýle hem bu ugur boýunça Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlara, beýleki çärelere syn berilýär.

Belläp geçsek, «Demokratiýa we hukuk» žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, okyjylara hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň