Turkmenportal logo
21.04.23
4279142791
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Moskwada geçirilen XV Hazar energiýa forumyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Moskwada geçirilen XV Hazar energiýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri penşenbe güni Moskwada, Sergo Oržonikidze adyndaky Russiýanyň Döwlet geologiýa gözleg uniwersitetinde geçirilen on bäşinji Hazar energiýa forumyna gatnaşdy.


Sebit ýurtlarynyň wekilleri energiýa howpsuzlygy, daşky gurşaw we sebitdäki nebit-gaz toplumynyň ösüşi barada pikir alyşdylar diýip, TASS habar berdi.


Forumyň çäginde energiýa howpsuzlygyny, geologiki gözlegleri, nebiti we gazy öndürmek, gaýtadan işlemek we daşamak, ýaşyl energiýanyň geljegi we enjamlaryň çalşylmagyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk boýunça maslahatlar we tegelek stollar geçirildi.


Forumyň çäginde ylmy guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 4 şertnama gol çekildi.


Foruma Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri gatnaşdy.


Hazar deňzi dünýädäki iň uly ýapyk suw howdanydyr. Onuň demirgazykdan günorta uzynlygy, takmynan, 1200 km, günbatardan gündogara giňligi 195-den 435 km aralygyndadyr. Deňize 130-dan gowrak derýa guýup, olaryň iň ululary Wolga, Ural, Terek ýaly derýalarydyr.