Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynda ýarym finalçylar belli boldy

10:2021.04.2023
0
18067

Penşenbe gününden anna gününe geçilýän gijede geçirilen jogap duşuşyklaryndan soň Ýewropa ligasynyň şu möwsüminiň ýarym finalçylary belli boldy.

Şeýlelikde, ýaryşyň ýarym finalyna Ispaniýanyň «Sewilýa», Italiýanyň «Ýuwentus» we «Roma», Germaniýanyň bolsa «Baýer» toparlary çykdy.

Ýarym finalda «Ýuwentus» «Sewilýa» bilen, «Roma» bolsa «Baýer» bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar 11-nji we 18-nji maýda geçiriler.

Ýewropa ligasynyň çempiony 31-nji maýda Budapeştiň «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriljek final duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň