“Nebitçi” – “Şagadam” – 2:1
Gollar: 38 (11 m.j.u.) Daýanç Orazgulyýew, 58 Döwran Berdiýew – 69 Salim Umarow.
“Energetik” – “Köpetdag” – 0:2
Gollar: 3 Öwezbaý Muhammetberdiýew, 89 Myrat Amantaganow.
“Arkadag” – “Merw” – 2:1
Gollar: 6 Didar Durdyýew, 10 Arslanmyrat Amanow – 49 Alibek Abdyrahmanow.
Duýduryşlar: 5 Mekan Saparow, 68 Yhlas Toýjanow – 75 Ambýar Mahmudow, 85 Kemal Annamuhammedow.
“Ahal” – “Altyn Asyr” – 0:2
Gollar: 37 Wahyt Orazsähedow, 73 Myrat Annaýew.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 2-nji tapgyry hem yzda galdy. Eýsem, bu tapgyr 31-nji gezek geçirilýän milli çempionatymyzyň taryhynda nähili aýratynlyklar bilen orun tutdy? Geliň, şol aýratynlyklara bilelikde göz aýlalyň!
― Paýtagtyň «Aşgabat» futbol toparynyň dynç alan tapgyrynda «Nebitçi» öz meýdanynda «Şagadamy» 2:1 hasabynda, «Köpetdan» myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda, «Arkadag» futbol topary öz meýdanynda Marynyň «Merwini» 2:1, «Altyn asyr» bolsa myhmançylykda «Ahaly» 2:0 hasabynda ýeňdi;
― Şeýlelikde, tapgyrdaky dört duşuşygyň ikisi 2:1, galan ikisi hem 2:0 hasabynda tamamlandy. Täsin tarapy 2:1 hasaby bilen tamamlanan duşuşyklarda ýer eýeleri, 2:0 hasabynda tamamlananlarda bolsa myhmanlar ýeňiş gazandylar;
― 2-nji tapgyrda derwezelere 10 pökgi geçirildi. Şeýlelikde, çempionatyň ilkinji iki tapgyrynda geçirilen gollaryň sany 15-e çykdy;
― «Köpetdagyň» futbolçysy Myrat Amantaganow Ýokary liganyň şu möwsüminde 10-njy pökgini geçiren futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Ol Mary şäherinde ýerli «Energetik» bilen bolan duşuşygyň 89-njy minudynda tapawutlandy;
― Tapgyrda «Arkadag» futbol topary öz taryhyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Şeýle hem topar ilkinji ýeňşini gazandy;
― Hüjümçi Didar Durdyýew «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklardaky ilkinji goluny geçirdi. Ol paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Merw» bilen geçirilen duşuşygyň 6-njy minudynda tapawutlandy;
― Tapgyrda «Altyn asyr», «Nebitçi» we «Arkadag» futbol toparlary täze möwsümdäki ilkinji ýeňişlerini gazandylar;
― 2-nji tapgyrdan soň «Köpetdag» 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji we üçünji orunlardaky «Altyn asyr» bilen «Nebitçide» 4 utukdan bar. 3 utukly toparlardan «Arkadag» topary dördünji, «Aşgabat» bäşinji, «Ahal» bolsa altynjy orny eýeleýär. Yzda galan iki tapgyrdan soň üç topar ― «Şagadam», «Merw» we «Energetik» heniz utuk gazanyp bilenok;
― Möwsümiň ilkinji iki tapgyryndan soň diňe «Köpetdag», «Arkadag» we «Aşgabat» toparlary utuk ýitirip görenok. Galan toparlar, azyndan bir utuk ýitirdiler;
― Ilkinji iki tapgyrdan soň çempionatda jemi 15 futbolçy tapawutlandy. Olaryň hersi bir goldan geçirdiler;
― şahsy hasaplamalarymyz ýarym goragçy Myrat Annaýewiň Myrat Annaýew «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 30-a tegeländigini görkezýär. Şeýlelikde, ol «aragatnaşykçylar» bilen milli çempionatda 2013-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda altynjy orna göterildi. Myrat Annaýewiň 2-nji tapgyrda «Ahal» bilen geçirilen duşuşygyň 73-nji minudynda tapawutlanandygyny ýatladýarys.
― Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji aprelde geçiriler. Olarda «Merw» «Ahaly», «Köpetdag» «Arkadag» toparyny, «Şagadam» «Energetigi», «Aşgabat» bolsa «Nebitçini» kabul eder. Tapgyrda «Altyn asyr» futbol topary dynç alar.